Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda umumy bahasy 35 milliard dollarlyk 2 müňden gowrak gurluşyk alnyp barylýar

23:5727.12.2019
0
12963

Türkmenistanda umumy şertnama bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar, olaryň durmuşa geçirilýän taslamalary örän giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Bu barada 27-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ajaýyp binalar gurulýar diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Täze iri ýaşaýyş toplumlary döredilýär. Uzynlygy müňlerçe kilometr bolan tizlikli awtomobil ýollary we demir ýollary gurulýar. Halkara ähmiýetli ulag üpjünçilik ulgamlary emele getirilýär.

Bularyň hemmesi biziň ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek barada edýän tagallalarymyzyň netijesidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti bu desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen, olaryň öz oňat netijelerini berip başlajakdygyna ynam bildirdi.

Umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 66 sany iri desgany eýýäm işe girizdik diýip, milletiň Lideri olaryň hatarynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň gurluşygyny aýratyn belledi. Gurluşygy üstünlikli dowam edýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň möhümdigi bellenildi.

1 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, köp sanly çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň we beýleki köp sanly durmuş maksatly desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň