Soňky habarlar

Arhiw

Hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen bölegi tassyklanyldy

19:1515.12.2019
0
6408

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. 

Resminama laýyklykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. 

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk gözbaşyny Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryna çenli alyp gidýär. Häzir Türkmenistanda Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň onlarçasy işleýär. Iki döwletiň arasynda eksportuň mukdary hem artýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk topary duşuşyklaryň, maslahatlaryň netijesinde bu işleriň gerimini geljekde hem giňeltmegi meýilleşdirýän topardyr.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň