Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherçesine bardy

23:5914.12.2019
0
7902

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumyna geldi. Bu ýerde milletiň Lideri ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maşklary ýerine ýetirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynyň bouling zalyna bardy. Sportuň ähli görnüşlerinde bolşy ýaly, boulingde ýokary netije gazanmak üçin ünsüň bir ýere jemlenmegi, hereketleriň takyklygy zerur bolup durýar.

Soňra milletiň Lideri sport toplumynyň trenažýor zalynda birnäçe sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bolan söhbetdeşlikde sport enjamlarynyň her birini öz ähmiýetine görä peýdalanmagyň hem-de dürs ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Sport maşklaryny ýerine ýetirmek adamyň döredijilikli zähmeti, durmuş işjeňligi we ruhubelentligi üçin ähmiýetlidir.

Milletiň Lideri sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň dowamynda bu ýerdäki türgenleşik enjamlarynyň aýratynlyklary barada şolaryň her biriniň adam synasyna özboluşly täsiri dogrusynda gürrüň berdi. Maşklaryň dürs ýerine ýetirilmegi onuň netijeliligini we peýdasyny üpjün edýär hem-de adam bedenine, saglygyny saklamaga oňyn täsirini ýetirýär.

Milli Liderimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňeldilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara olimpiýa komiteti hem-de halkara sport federasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda dünýä derejeli ýaryşlar geçirilýär.

Muňa 2020-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny, 2021-nji ýylda bolsa Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi-de güwä geçýär. Şeýle hem Olimpiýa şäherçesinde 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagtynda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparlarymyzyň taýýarlyk türgenleşikleri güýçli depginde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti sport maşklaryny tamamlap, bu ýerden ugrady.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bolsa maşklary dowam etdiler, toparlara bölünip, sportuň dürli görnüşleri boýunça özara bäsleşikleri guradylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň