Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Nebiggaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Gutlag iberdi

03:4914.12.2019
0
6675

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda şeýle diýilýär:

«Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!

Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda uly dabara bilen bellenýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň ynamly ösüşi üçin bu ulgamy kämilleşdirmek döwlet syýasatymyzyň baş maksatlarynyň biridir. Türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak döwletimiziň energetika strategiýasynyň esasy ugrudyr.

Türkmenistan tebigy baýlyklary babatda dünýäde iň öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatymyz netijesinde, soňky ýyllarda nebitgaz pudagynda köp sanly iri möçberli taslamalar amala aşyryldy. Dünýä möçberinde tebigy gazyň ägirt uly gorlaryny özünde jemleýän «Galkynyş» käniniň çalt depginler bilen özleşdirilmegini, tebigy gazyň akdyrylyşynyň bir bitewi ulgama birikdirilmegini üpjün edýän «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijisiniň gurulmagyny, Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň işe girizilmegini, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň gurlup, ulanmaga berilmegini we birnäçe beýleki iri taslamalary muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Sebit hem-de goňşy döwletler üçin örän uly ähmiýeti boljak Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem güýçli depginlerde alnyp barylýar.

Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gazyň uzak möhletleýin iberilmegini amala aşyrjak bu gaz geçirijiniň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Biz nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň düzümini täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna baýlaşdyrmak babatda ençeme taslamalary durmuşa geçirdik we ýene-de şeýle taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri dowam ederis.

Ýakyn wagtda biz ýurdumyzyň sebitlerinde gazhimiýa toplumlarynyň we zawodlarynyň ýene-de birnäçesini gurmagy göz öňünde tutýarys. Olar tebigy gazy düýpli gaýtadan işläp, alynýan önümleriň görnüşini we möçberini has-da artdyrmaga, pudagy toplumlaýyn diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge oňyn şertleri döreder.

Ylmyň we tehnikanyň häzirki ösen döwründe çig nebitiň we nebit önümleriniň ulanylyşy barha artýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda nebithimiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Bu ugry ösdürmek, baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak, energiýa serişdeleriniň gaýtadan işlenýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak biziň esasy maksatlarymyzyň biridir. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleriň öndürilmegi muňa şaýatlyk edýär we geljekde bu zawodlar toplumynda täze tehnologik desgalar gurlar.

Alnyp barylýan bu işler döwletimiziň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak babatdaky syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gadyrly nebitgaz we geologiýa pudagynyň zähmetsöýer işgärleri!

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen zerur çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ählumumy hem-de sebit derejesinde ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sanly-innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, nebit we gaz ýataklarynda netijeli iş alyp barmak zerurdyr.

Zähmetsöýer türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň, geologlarynyň öňde goýlan ähli wezipeleri abraý bilen berjaý etjekdiklerine berk ynanýaryn.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitçileri, gazçylary we geologlary!

Sizi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň