Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasy tassyklanyldy

09:5007.12.2019
0
6702
Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasy tassyklanyldy

Türkmenistanda enäniň, çaganyň we ýetginjekleriň saglygyny gorap saklamak babatda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa tassyklanyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de jemgyýetçilik birleşiklerine şu strategiýada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýada göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň üstüne ýüklenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň