Futzal boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň topardaşlary belli boldy

17:0006.12.2019
0
4018
Futzal boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň topardaşlary belli boldy

Şu gün Olimpiýa şäherçesindäki «Olimp» myhmanhanasynda 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň bije çekilişik dabarasy boldy. Yklym birinjiliginiň duşuşyklary 26-njy fewral ― 8-nji mart aralygynda geçiriler. Ýöne çempionatyň dabaralary eýýäm 26-nji fewralda başlap, 8-njy marta çenli dowam eder.

Oktýabr aýynda geçirilen saýlama duşuşyklaryň netijesinde Aziýa çempionatynda 16 ýygyndy ýaryşar. Olar dört toparça bölüşerler.

Bije çekilişige Türkmenistanyň futzal ýygyndysy birinji torbadan gatnaşdy. Şeýlelikde, milli ýygyndymyz toparçalaýyn tapgyrda yklymyň Eýran, Ýaponiýa, Özbegistan  ýaly has güýçli ýygyndylary bilen duşuşmaz.

Bije çekilişik üçin torbalar şu tertipde düzüldi:

Birinji torba: Türkmenistan (ýer eýesi), Eýran, Ýaponiýa, Özbegistan.

Ikinji torba: Liwan Wýetnam, Bahreýn, Tailand.

Üçünji torba: Gyrgyzystan, Täjigistan, Hytaý, Koreýa Respublikasy.

Dördünji torba: Saud Arabystany, Indoneziýa, Kuweýt, Oman.

Bije çekilişigiň netijesinde emele gelen toparçalar:

“А” toparça: TÜRKMENISTAN, Wýetnam, Täjigistan, Oman.
“B” toparça: Ýaponiýa, Liwan, Gyrgyz Respublikasy, Kuweýt.
“C” toparça: Özbegistan, Bahreýn, Hytaý, Indoneziýä.
“D” toparça: Eýran, Tailand, Koreýa Respublikasy, Saud Arabystany.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň