Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ýokanç däl keselleriň öňüni almaga bagyşlanan amaly maslahat geçirildi

17:1705.12.2019
0
1977

Paýtagtymyzdaky Halkara okuw-ylmy merkezinde Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 6 ýyllygy mynasybetli amaly maslahat geçirildi.  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy hem-de dahylly ministrliklerdir pudak edaralary bilen bilelikde geçirilen maslahata ony guraýjy taraplaryň, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Maslahatda ýokanç däl kesellere garşy göreşmekde ýurdumyzda ýetilen sepgitler, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işler bilen bagly çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler 2013-nji ýylda Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Saglyk — 2020» syýasatynyň düzgünleriniň çäklerinde I Ýewropa ministrler maslahatynyň geçen wagtyndan soňky döwürde ýurdumyzda ýetilen sepgitlere aýratyn üns berdiler. Bellenilişi ýaly, ýokanç däl keseller baradaky ilkinji Ýewropa konferensiýasynyň netijesine görä, Ýokanç däl kesellere garşy göreşmek we öňüni almak barada Aşgabat Jarnamasy kabul edildi, soňra bu resminama Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit komiteti tarapyndan makullanyldy. Bu Jarnama sebit üçin täsirli waka boldy. Ol halkara derejede ýokanç däl kesellere garşy göreşmek üçin borçlary berkitdi we saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça ýokary derejede alnyp barylmaly çäreleri we ýakyn ýyllar üçin edilmeli işlerdir maksatnamalary öz içine alýar.

Maslahatyň barşynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýurtlar boýunça ofisiniň Türkmenistandaky edarasynyň wekili hanym Paulina Karwowska Aşgabat Jarnamasy, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýola goýluşy, bu ugurda Türkmenistanda alnyp barylýan işler dogrusynda çykyş etdi. Hanym P.Karwowska çykyşynyň dowamynda Türkmenistanda «Saglyk — 2020» syýasatynyň durmuşa geçirilişi, durnukly ösüşiň 3-nji maksadyny ýerine ýetirmekdäki wezipeleriň amala aşyrylyşy barada degişli görkezijileri delil getirdi. Onuň belleýşi ýaly, 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibine baglylykda, saglyk — diňe durnukly ösüşiň 3-nji maksady däldir. Saglyk – beýleki maksatlary düzüji, olary herekete getiriji güýç. Bu bolsa, saglygyň köp ugurlydygyny we köp ulgamlydygyny görkezýär. Ine, şonuň üçin-de, Türkmenistanda ähli maksatlary amala aşyrmagyň binýadynda saglyk syýasaty möhüm orun eýeleýär.

Amaly maslahatyň dowamynda ýokanç däl kesellere garşy göreşmekde ilkinji lukmançylyk-arassaçylyk ulgamynyň kömeginiň ähmiýeti, ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmekde alnyp barylýan işler bilen bagly çykyşlar hem diňlenildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň