Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Baky rowaýatlar» atly täze eser görkezildi

17:1205.12.2019
0
1786

Paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet gurjak teatrynda Ylýas Durdyýewiň režissýorlygynda çagalar üçin taýýarlanan «Baky rowaýatlar» atly täze oýnuň görkezilişi boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynda beýan edilýän wakalar esasynda sahnalaşdyrylan oýunda, wakalar režissýoryň özüniň gürrüň bermeginde gurjaklaryň hereketleriniň üsti bilen beýan edilýär. Onda milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan çagajygyň dünýä inmezinden öňürti Allatagala bilen gürleşýän pursatlary, Beýik Biribaryň ony ene atly bir perişdä ynanandygy, ene atly keramatly ynsanyň ony gorap saklajakdygy baradaky pursatlary gürrüň berilýär ― diýip, «Türkmenistan» gazetinde ýazylýar.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitapdaky Seýitjemaletdin ýadygärligi bilen baglanyşykly rowaýat hem sahna tomaşa edenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Sahna eserinde ýadygärligiň döreýşi bilen bagly wakalar gurjaklaryň hereketleriniň üsti bilen gyzykly beýan edilýär.

Milletiň Lideriniň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda beýan edilýän, adamyň iň wepaly dosty bolan alabaýyň pilden rüstem çykyşy bilen baglanyşykly wakalar hem tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Şahyr Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Enedir ene» atly goşgusy esasynda taýýarlanan sýužetde goşgudaky wakalar dolulygyna açylyp görkezilýär. Onda Aýdyr Günden, ýeldir suwdan, umuman, ähli zatlardan soralanda, olaryň ählisi hem dünýäniň bar görküniň enedigini buýsanç bilen aýdýar.

Şu ýylyň 19 — 23-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr festiwaly» atly III halkara festiwalda bir bölümi görkezilen oýun bu gün körpe tomaşaçylara doly görnüşde ýetirildi. Oýnuň saz bezegini Nurberdi Hojaýew, sahna bezegini Kerim Çaryýew ýerine ýetirýär. Oraz Hajymyradow, Wepa Berdiýew, Wepa Amansähedow, Nataşa Gaýlyýewa ýaly artistleriň kömegi bilen hereket edýän gurjaklar arkaly rowaýatlardaky wakalary giňden açyp görkezýän sahna eseri çagalary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň