Soňky habarlar

Arhiw

Gypjak dokma toplumynda elastik lenta çykarýan awtomatik liniýa işe girizildi

13:3003.12.2019
0
821

Gypjak dokma toplumynda elastik lenta çykarýan awtomatik liniýa işe girizildi. Onuň düzüminde - ýüwürdiji, rezin öndürýän enjamlar, dokma we ütükleýji stanoklar bar. Hytaýly öndürijileriň ýokary tehnologiýaly enjamy ini 5 millimetrden 50 millimetre çenli elastik lentanyň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenendir. Ol ýylda 1 million 440 müň metr lenta öndürer.

“Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiriniň ýazmagyna görä, awtomatlaşdyrylan liniýanyň işe girizilmegi netijesinde ozal daşary ýurtlardan alynýan bu tikinçilik serişdesi indi özümizde öndüriler we ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynyň talaplaryny doly ödär, şeýle hem elastik lentany söwda nokatlary arkaly ýerlemäge ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň