Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

09:4003.12.2019
0
5573

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň meseleleri girizildi. Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy, ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyşy, şeýle hem ýetip gelýän baýramçylyklara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde degişli gulluklar bilen bilelikde, şäheriň ilatynyň durmuş düzümini pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barlyşy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şäher hojalygynyň işiniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyny belledi we Aşgabatda arassaçylygy, abadançylygy üpjün edýän ähli gulluklaryň işini guramakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň we täzeçil usullaryň netijeli ulanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin çäreleri hem-de dabaralary guramaçylykly geçirmek, paýtagtymyzy, onuň ýollaryny, meýdançalaryny, seýilgählerini we beýleki köpçülikleýin ýerlerini, binalary degişli derejede bezemek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň häkimligi boýunça guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, A.Aramowy Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak we A.Saparowy paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Resminama şol bada elektron dolanyşyk ulgamy arkaly Aşgabat şäheriniň häkimine iberildi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýat häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça meýdanlarynda galan hasyly doly ýygnap almak, ak ekinlere edilýän idegiň depginini we hilini ýokarlandyrmak, hasyldan boşan ýerlerde şüdügär sürümini geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdiler.

Şeýle hem häkimler ýaz ekişine toplumlaýyn esasda taýýarlyk görmek, oba hojalyk tehnikalaryny bellenilen möhletde abatlamak, sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ulanmaga berilmegini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada habar berdiler.

Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, welaýatlarda Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaraly çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň ylym taýdan esaslandyrylan talaplaryna we ekerançylygyň medeniýetine doly gabat gelmelidigini belledi.

Pagta ýygymynyň üstünlikli tamamlanmagy, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri, şeýle hem ýazky ekişe görülýän taýýarlyk meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr diýip, milletiň Lideri aýtdy we bu babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.

Öňde boljak baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda birnäçe görkezmeleri berildi.

Milletiň Lideri sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň jemlerini jemläp, şu aýyň ahyryna çenli meýilnamalaşdyrylan ähli işleriň doly derejede ýerine ýetirilmelidigini, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny ajaýyp netijeler bilen tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Munuň özi her bir pudagyň Täze ýyl baýramyna mynasyp zähmet sowgadyna öwrülmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň