Soňky habarlar

Arhiw

Son Hyn Min 2019-njy ýylda iň gowy aziýaly futbolçy boldy

23:5402.12.2019
0
6096

Şu gün Aziýanyň Futbol konfederasiýasy 2019-njy ýylyň jemleri boýunça iň gowy aziýaly futbolçyny yglan etdi. Bu ada we ýörite baýraga Angliýanyň «Tottenheminiň» we Koreýa Respublikasynyň 27 ýaşly hüjümçisi Son Hyn Min mynasyp boldy.

Baş baýraga dalaşgärleriň arasynda «Zenidiň» hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun we Farankfurdyň «Aýntraht» toparynyň ýaponiýaly oýunçysy Makoto Hasebe hem bardy. Şu ýyl «Tottenhemiň» düzüminde 48 duşuşyga çykyp, şolarda 20 gezek tapawutlanan we 10 sany gol pasyny beren Son Hyn Min topary bilen Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň finalyna çenli baryp ýetdi.

Yklymymyzyň klublarynda oýnaýan iň gowy aziýaly futbolçy diýlip bolsa Kataryň milli ýygyndysynyň we «Al-Saddyň» hüjümçisi Akram Afif yglan edildi. Onuň toparyna 2018-nji ýyldan bäri «Barselonanyň» ozalky futbolçysy Hawiniň tälim berýändigini ýatladýarys. Akram Afif şu ýyl Kataryň ýygyndysynyň hatarynda Aziýa kubogy ― 2019-yň finalynda Ýaponiýanyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňmegiň hem hötdesinden gelipdi.

«Iň gowy aziýaly zenan futbolçy» diýlip bolsa Fransiýanyň «Olimpik Lionynyň» we Ýaponiýanyň ýygyndysynyň futbolçysy Saki Kumagai yglan edildi.

Iň gowy ýaş futbolça niýetlenen baýrak Ispaniýanyň «Walensiýasynda» çykyş edýän Koreýa Respublikasynyň milli ýygndysynyň agzasy Li Kan Ine gowşuryldy. Iň gowy futzalçy üçin niýetlenen baýraga bolsa ýaponiýaly Tomoki Ýosikawe mynasyp boldy.

«Iň gowy erkek tälimçi» diýen ada Koreýa Respublikasynyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Çon Çin Ýon, «Iň gowy zenan tälimçi» diýen ada bolsa Ýaponiýanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Asako Takakura mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň