Türkmen kikboksingçileri dünýä çempionatynda bir kümüş, bir bürünç medal gazandylar

16:3901.12.2019
0
9715

Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndysynyň wekilleri Pygy Sylabow bilen Azat Annaýew Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen dünýä çempionatyny medal bilen tamamladylar. Dünýäniň iň güýçli kikboksingçileriniň gatnaşan ýaryşynda bu türgenleriň birinjisi kümüş, ikinjisi bürünç medal gazandy.

Kikboksingiň «full-kontakt» görnüşi boýunça 57 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Pygy Sylabow ýaryşa ikinji final bölüminden gatnaşyp başlady. Ol ¼ finalda polşaly Roll Damiany 3:1, ýarym finalda azerbaýjanly Gaşam Mammadowy 3:0 hasabynda ýeňip, dünýä çempionlygy ugrundaky aýgytlaýjy göreşe goşuldy. Ýöne ol altyn medal ugrundaky tutluşykda gyrgyzystanly bäsdeşi Awazbek Amanbekowdan asgyn geldi we kümüş medala dünýäniň wise-çempiony boldy.

Deslapky duşuşykda ýeňiş gazanyp, ikinji duşuşygynda asgyn gelen Azat Annaýew bolsa ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň