Türkmenabat şäherinde sungat ussatlarynyň konserti boldy

20:1718.11.2019
0
1371

Lebap welaýat medeniýet merkeziniň dabaralar zalynda ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda «Halypalaryň ýoly — kämillik ýoly» atly şowhunly konsert boldy. Tomaşaçylaryň öňünde Türkmenistanyň halk artisti Nury Hudaýgulyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bahar Hojaýewa we «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijisi Begmyrat Annamyradow dagylar çykyş etdiler - diýip, "Jeyhun.news" habar berýär.
«Gyrmyzy» we «Durmuş şöhlesi» tans toparlarynyň agzalarynyň çykyşlary ýerine ýetirilen aýdymlara aýratyn öwüşgin berdiler. Olar her aýdymy özleriniň owadan tanslary bilen bezediler. Tomaşaçylar hem gyrada ýöne garap durmadylar. Olar aýdymçylaryň seslerine goşulyp hiňlendiler, sazlar we aýdymlar bilen sazlaşykly tans etdiler. Bagty çüwenler aýdymçylar bilen ýadygärlik surata düşüp (selfi edip) ýetişdiler. Myhmanlar nobatdaky çykyşyna taýýarlanýan wagtlary Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň wäşileri tomaşaçylaryň öňünde gülküli sahnajyklary görkezdiler.
Lebap welaýatynyň merkeziniň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary söýgüli aýdymçylarynyň aýdymlaryny mugt diňlemäge we beýleki sungat işgärleriniň çykyşlaryna mugt tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar. Ýagny, dabaralar zalyna olar tölegsiz goýberildi. Ýaşaýjylara boljak konsert barada ozalyndan habarly edildi, şonuň üçin hem zalda «almany ýokary atsaň, ýere düşjek däldi».
Şeýle mugt konsertleriň geçirilişiniň birinji gezek däldigini bellemek gerek. Iş rejesiniň günbe-gün belli edilip goýlandygyna garamazdan, meşhur ýazyjylar, şahyrlar, aýdymçylar we beýleki sungat işgärleri, mugt gastrollary hem göz öňünde tutýarlar. Olar diňe bir welaýat merkezlerinde däl, eýsem, etraplarda hem dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň arasynda döredijilik duşuşyklaryny guraýarlar. Mysal üçin, sentýabr aýynda şeýle çäreleriň biri Darganata etrabynda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň