Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde 19-njy noýabrda Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda Türkmenistanyň we Şri-Lankanyň arasynda geçiriljek futbol duşuşygyna katarly hünärmenler eminlik eder.
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ştab-kwartirasyndan berlen habara görä, duşuşygyň baş emini 32 ýaşly hünärmen Saud Ali Al-Adba bolar. Baş emine onuň watandaşlary Ýusuf Aref Al-Şamari bilen Mohammed Al Şammari ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini bolsa hytaýly Žan Leý bolar. Şeýle hem duşuşygyň gözegçi emini hökmünde hindistanly Entoni Jon Kostanyň, komissary hökmünde butanly Jorji Mindunyň atlary görkezilýär.
Türkmenistanyň bilen Şri-Lankanyň futbol ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk «Köpetdag» stadionynda geçiriler. Ol 16:00-da başlanar. Duşuşygyň petekleri stadionyň kassasynda satylýar. Bir petegiň bahasy 10 manat. Stadion 26 müň tomaşaça niýetlenendir.