Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti energetika pudagynyň işine nägilelik bildirdi

13:4316.11.2019
0
771

15-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-prmýer  Ç.Purçekow gurluşyk, energetika we jemagat hojalygynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça ösüş depgini 118,9 göterime deň bolup, meýilnama 105,3 göterim ýerine ýetirildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça on aýyň meýilnamasy 100,3 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 105,5 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 95,5 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutany wise-premýeriň hem-de energetika ministri M.Artykowyň alyp barýan işinden nägiledigini aýdyp, Energetika ministrliginiň bellenen tabşyryklary ýerine ýetirip bilmeýändigine ünsi çekdi. Bar bolan mümkinçiliklere garamazdan, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberi az bolmagynda galýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident wise-premýerden bu ugurda işleriň ýagdaýyny düýpli seljermegi hem-de zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Energetika pudagyny ösdürmäge köp serişde goýulýar. Şoňa görä, ondan girdeji hem almalydyrys diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisinde bu ugurda geçiren işleriniň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň