Türkmenistanlylaryň Stambuldaky raýdaşlyk jemgyýeti futbol ýaryşyny geçirer

10:0914.11.2019
0
907

Türkmenistanlylaryň Stambul şäherindäki raýdaşlyk jemgyýeti  Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkiýe Respublikasynda ýaşaýan, işleýän, okaýan ildeşlerimiziň arasynda futbol ýaryşyny geçirmekçi. Bu ýaryş ýakynda döredilen jemgyýetiň gurnamagyndaky ilkinji çäreleriň biri bolar.

«Atavatan-Turkmenistan» saýtynyň habar bermegine görä, ýaryş 1-nji dekabrda geçiriler. Ilkinji çempionata, häzirlikçe, diňe Stambul şäherinde ýa-da onuň ýakynynda ýaşaýan ildeşlerimiz gatnaşarlar. Indiki ýaryşlara Ankara, Izmir şäherlerinde okaýan türkmenistanly talyplaryň hem gatnaşmagyna mümkinçilik dörediler.

Ýaryşyň düzgünnamasyna görä, oňa gatnaşmak üçin 16 toparyň ýüztutmasy kabul ediler. Toparlaryň özleri üçin saýlan adynyň türkmen ýa-da türk dilinde bolmagy zerurlyk däl. Islendik topar özüne islendik ady saýlap biler. Ýöne bu atlaryň meşhur markalaryň atlary bolmazlygyna üns berler.

Deslapky duşuşyklaryň netijesinde finala çykan iki topara ýaryşyň hemaýatkärleriniň logolary ýerleşdirilen futbol köýnekçeleri paýlanyp berler. Toparlar final duşuşygyny şol köýnekçelerde geçirerler.

Ýaryşyň ýeňijisine 1500 türki lirasy we «Atavatan» kubogy berler. Şeýle hem ikinji orny eýelän topar 1000, üçünji ornuň eýesi 500 lira bilen sylaglanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň