«Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

23:4311.11.2019
0
3007

Türkmenistanyň ykdysady durmuşyndaky esasy wakalary şöhlelendirýän hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleri bilen okyjylary tanyşdyrýan «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy ―diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň makalalarynda Türkmenistanda işewürler gurşawyny, maliýe we maýa goýum ýagdaýyny döredýän, halkara bazarda döwletiň ornuny kesgitleýän dürli özgertmelere syn berilýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan esaslandyrylan hem-de türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnalda esasy maliýe-ykdysady meseleler boýunça bilermenleriň gatnaşyklaryna seljerme berilýär hem-de bu işe ýaş alymlaryň, işewürleriň we ýolbaşçylaryň gyzyklanmasyny artdyrýar.

Şeýle hem bu neşir mugallymlara, aspirantlara we talyplara, döwlet edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş düzümleriniň işgärlerine, menejerlere we marketologlara niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň