Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy

19:5008.11.2019
0
510

Düýn Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Günüň birinji ýarymynda «Aşgabat» kinoteatrynda ermeni kinofilmleriniň görkezilişi boldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

1984-nji ýylda Albert Mkrtçýanyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Biziň çagalygymyzyň tansy» atly film görkezildi. Onda dünýä belli tango tansyna şol döwrüň ýaşlarynyň çäksiz söýgüsinden söz açylýar. Filmde Galýa Nowens, Frunzik Mkrtçýan, Elina Agamýan ýaly meşhur artistleriň özlerine ynanylan keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmekleri filmiň täsirliligini has-da artdyrýar.

Mihail Pogosýanyň režissýorlygynda surata düşürilen «Dag, Gün we söýgi» atly film dostlukly ýurduň tebigat gözelliklerine bagyşlanylypdyr. Dag eteklerinde bolup geçýän wakalar çeperçiligi hem beýan edilişi taýyndan ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistanyň ýurdumyzda ýokary derejede geçirilen Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Onda ýurdumyzyň we dostlukly döwletiň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti dabara gatnaşanlara çäksiz lezzet paýlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň