Soňky habarlar

Arhiw

Daşogzuň polimer zawodynda 540 tonna önüm öndürildi

19:4708.11.2019
0
877

Daşoguz şäherindäki Polimer önümleri zawodynda öndürilýän dürli göwrümli turbalar we geçirijiler gurlanda ulanylýan beýleki goşmaça enjamlar häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýändigi, hil derejesiniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Kärhanada şu ýylyň başyndan bäri jemi 540 tonnadan gowrak önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli ösüş depgini üpjün edildi. Jemi öndürilen önümiň 530 tonna golaýy 16 millimetrden 315 millimetre çenli möçberli jemi 23 ölçeg görnüşli turbalardyr. Öndürilen önüm pul mukdarynda 4 million 500 müň manada barabar boldy. Bu ýerde halk hojalygynda ulanylýan maýyşgak gurşawlary, azyk önümlerini salmaga niýetlenilen bir gezek ulanylýan gapjagazlary, bulgurlary we beýleki polimer önümlerini öndürmek babatynda hem ösüşler gazanyldy. Häzirki wagtda welaýatyň çäginde alnyp barylýan toplumlaýyn gurluşyklarda, täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynda zawodyň önümlerine isleg barha artýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň