Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa resmi sapary başlandy

23:5906.11.2019
0
5042

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar ― diýip, TDH habar berýär.

Birnäçe sagatdan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Fýumiçino Halkara howa menziline gondy. Italiýanyň paýtagtyndan 30 kilometr uzaklykda, Rimiň günorta-günbatar gapdalynda ýerleşýän bu iri howa menzili meşhur suratkeş we alym Leonardo da Winçiniň adyny göterýär.

Uçaryň ýanynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşylaýarlar.

Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni howa menzilinden kaşaň «Rome Cavalieri» myhmanhanasyna ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza saparyň dowamynda bölünip berlen kabulhana ýerleşýär.

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we Premýer-ministr Juzeppe Konteniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler. Şolaryň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň