Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: Türkmneistanyň milli ýygyndysyň KHDR we Şri-Lanka bilen boljak duşuşyklarynyň petekleri satlyga çykdy

14:3706.11.2019
0
6304

2019-njy ýylyň 14-nji we  19-njy noýabrynda Dünýä çempionaty – 2022-niň hem-de Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşýan Türkmenistanyň Futbol boýunça milli ýygyndysynyň oýunlarynyň petekleriniň satuwyna badalga berildi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Futbol boýunça milli ýygyndy toparymyzyň KHDR-iň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndylarynyň garşysyna geçirýän duşuşyklarynyň peteklerini paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynyň satuw nokatlaryndan almak mümkindir. Petekleriniň bahasy hem 10 manat.

Ýeri gelende bellesek, dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama oýnunyň bäşinji tapgyrynyň çäginde geçiriljek duşuşygy 14-nji noýabrda geçirilip, onda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary   KHDR-iň ýygyndy toparyny kabul eder. 19-njy noýabrda bolsa Türkmenistanyň futbol boýunça milli  ýygyndy topary altynjy tapgyryň çäginde Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparyny kabul eder.

16:00-da başlanjak duşuşyklaryň ikisi-de paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň