Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy

22:5105.11.2019
0
5439

Şu gün Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Medeniýet ministrliginde dostlukly ýurduň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen bolan duşuşykda, esasan, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi barada gürrüň edildi.

Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň resmi açylyş dabarasy paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýere döredijilik intelligensiýasynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar.

Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, Ýerewanyň Döwlet horunyň konserti boldy. Olaryň çykyşynyň maksatnamasyna ermeni we dünýä genji-hazynasynyň nusgawy saz eserleri girdi.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde Ermenistanyň milli galereýasynyň sergisi, Döwlet çeperçilik akademiýasynda bolsa Terýan medeni merkeziniň hünärmenleri bilen duşuşyk, şeýle hem ermeni režissýorlarynyň kinofilmleriniň görkezilişi bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň