Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministri ŞHG-nyň agza döwletleriniň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

11:4304.11.2019
0
3520

1-2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri, ýurdumyzyň hormatly myhman hökmünde çagyrylan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkent şäherinde boldy.

Mejlis 2-nji noýabrda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ŞHG-niň çäklerindäki maýa goýumyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berdiler.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň