Türkmenistanda Russiýanyň kino günleri açyldy

23:4803.11.2019
0
11442

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň, şeýle-de ýurdumyzdaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän Russiýanyň kino günlerine gatnaşmak üçin russiýaly sungat ussatlary paýtagtymyza geldiler. Olar günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda bolup, ol ýerde teatr artistleri bilen döredijilik duşuşygyny geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň sungat ussatlary özara pikir alyşdylar hem-de teatr sahnasynda goýlan oýunlar bilen tanyşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatry köp adamly boldy. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleriniň, russiýaly sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda rus kinofilmleriniň görkezilişine badalga berildi. Ilki bilen, bu ýerde myhmanlaryň, žurnalistleriň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşyjylar Swetlana Nemelýaýewa, Tatýana Şumowa, Ýewgeniý Beloglazow, Wladimir Bolşow, Wladimir Potapow, Natalýa Mehowa, Wladimir Zaýsew ýaly görnükli kino režissýorlara, artislere olaryň zähmet ýoly, şeýle hem kino sungaty bilen baglanyşykly gyzykly sowallary berdiler.

— Ynsan ömrüni bezeýän ýatda galyjy wakalar bolýar. Şeýle ýatda galyjy wakalar onuň durmuşynyň bagtly pursatlara beslenmegine sebäp bolýar. Sözümi şeýle nurana jümlelerden başlamagymyň hem özüne ýetik sebäbi bar. Men ilkinji gezek türkmen paýtagtynda. Bu ýerde ýerli artistler, kinosöýüjiler bilen duşuşmak mende ýakymly täsir galdyrdy. Türkmenistanda Russiýanyň kino günleriniň geçirilmegi hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sungata goýýan sarpasynyň nyşanydyr. Biz türkmen tomaşaçylaryna nobatdaky gezek geçirilýän rus kino günleriniň dowamynda şu ýylyň dowamynda Wladimir Potapowyň režissýorlygynda düşürilen «Ümsümligiň sesi», Mihail Pashodnikowyň režissýorlygynda düşürilen «Gadyrly kaka», Ýewgeniý Ýaskina, Alýona Rubinşteýniň taýýarlan «Bu hemişelik däl», 2017-nji ýylda Ýana Polýaruşyň ýolbaşçylygynda taýýarlanan «Beýiklige çenli», 1985- nji ýylda Karen Şahnazarowyň režissýorlyk etmeginde düşürilen «Gagralarda gyş gijeleri», 2014- nji ýylda Wera Glagolýewanyň režissýorlygynda düşürilen «Iki zenan» atly filmleri getirdik. Bu filmlerdäki wakalar durmuş temalaryndan söz açýar. Men öz kärdeşlerimiň adyndan hormatly Türkmenistanyň Prezidentine medeniýet we sungat ulgamynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekdäki uly işleri üçin köp sagbolsun aýdýaryn — diýip, Russiýanyň halk artisti Swetlana Nemolýaýewa gürrüňdeşlikde belläp geçdi.

6-njy noýabra çenli dowam etjek Russiýanyň kino günleriniň dowamynda rus filmleri Balkan welaýatynyň Balkanabat, Türkmenbaşy şäherleriniň ýaşaýjylaryna hem görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň