Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: ertir ýarym finalyň birinji duşuşyklary geçiriler

21:5201.11.2019
0
4132

Ertir futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşyklary geçiriler. Mälim bolşy ýaly, ýaryşyň soňky dörtlügine «Altyn asyr», «Aşgabat», «Köpetdag» hem-de «Ahal» toparlary galdy.

Türkmneistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, ýarym final duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty we eminleri baradaky maglumatlar:

“Altyn Asyr” – “Aşgabat”
Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 15:30
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Goşşanow (Tejen ş.)
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

“Köpetdag” – “Ahal”
Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 16:00
Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň