Soňky habarlar

Arhiw

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-de koreý dili boýunça okuw merkezi açyldy

09:0829.10.2019
0
24488

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Aşgabat şäherindäki Patyşa Sejong adyndaky Koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň açylyşyna bagyşlanan dabara geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Dabarada Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ylym-bilim we beýleki ugurlarda alnyp barylýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Dabarada Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» meýilnamasyna laýyklykda, türkmen halk ertekileriniň koreý diline terjime edilip, neşire hödürlenendigini, institutyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan türkmençe-koreýçe sözlügiň neşir edilendigini, ýene-de koreý dili boýunça okuw kitaplarydyr iş depderleri taýýarlanyp, neşire hödürlenendigini guwanç bilen aýtdy. Dabarada Koreýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jin Ki Hunyň Sejong institutynyň gaznasynyň direktory Kaň Hýonhwanyň we beýlekileriň çykyşlarynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň barha pugtalanýandygyny bellediler.

Patyşa Sejong adyndaky okuw merkezleri dünýäniň 60 döwletiniň 180 künjeginde işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň