Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebinde A.S.Puşkiniň ýadygärligi dikildi

15:1624.10.2019
0
10026

Aşgabatdaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebinde şahyr Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň heýkeli dikeldildi diýip, Turkmenistan.ru saýty habar berýär.

Bu heýkel heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýewiň mekdebiň mugallymlaryna we okuwçylaryna sowgadydyr. Heýkel mekdebiň eýwanynda ýerleşdirildi.

Bu mekdepde rus dilinde we edebiýatyna aýratyn üns berilýär. Heýkeliň açylyş dabarasynda okuwçylar şahyryň şygyrlaryny ýatdan okadylar. Bu dabara Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň birinji sekretary Ýewgeniý Beloglazow hem gatnaşdy. Ol ajaýyp ýadygärlik üçin mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň adyndan heýkeltaraşa hoşallyk bildirdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň