Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy

18:1121.10.2019
0
8215
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy

Şu gün – 21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy.

Hasabat berlişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa boljak saparynyň degişli maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy, onuň barşynda hem resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Saparyň çäklerinde ýörite işlenip düzülen maksatnama laýyklykda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek we degişli çözgütleri kabul etmek meýilleşdirilýär. Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň iş saparynyň çäklerinde Tokioda türkmen-ýapon işewürleriniň duşuşygy geçirildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň başyny başlan daşary syýasy strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Bu dostlukly ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy bolan kadalaşdyryjy hukuk binýady häzirki wagta çenli gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň uly toplumy bilen berkidildi.

Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejedäki gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy, 2013-nji hem-de 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa bolan resmi we iş saparlary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli wakalara öwrüldi.

2015-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistana Ýaponiýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen geldi. Şol saparlaryň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde, ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Iki ýurduň Hökümetleriniň we daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli gatnaşyklar saklanylýar. Parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklar hem yzygiderli häsiýete eýe bolup, parlamentara dostluk toparlary döredildi. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy sebit derejesinde hem, şol sanda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, Ýaponiýa Türkmenistanyň esasy maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda bilelikdäki uzakmöhletleýin taslamalar durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-ýapon hem-de Ýapon-türkmen ykdysady komitetleriniň işi möhüm ähmiýete eýedir. Döwletara ynsanperwer gatnaşyklara — bilim hem-de ylym, medeniýet we sungat, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklara hem okgunly häsiýet mahsusdyr.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň