Futzal, Türkmenistan ― 2020: Bahreýn Aşgabada gelmäge ýakyn, Palestina hukugyny doly ýitirdi

01:0220.10.2019
0
1329

19-njy oktýabrda futzal boýunça Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň Günbatar zolagynda nobatdaky duşuşyklar geçirildi. «A» toparçada Kuweýtiň ýygyndysynyň Türkmenistandan soňra çempionatyň jemleýji bölegine gatnaşmaga hukuk gazanan ikinji ýygyndy bolandygyny habar beripdik. Ýöne kuweýtli futzalçylar saýlama tapgyrdaky dördünji duşuşygynda ýer eýelerinden ― Bahreýniň ýygyndysyndan 0:2 hasabynda asgyn geldiler. Bu ýeňiş bilen üç duşuşykda 7 utuk toplan Bahreýniň ýygyndysy toparçada ikinji orna geçip, Aşgabatdaky jemleýji ýaryşa gatnaşmak hukugyny artdyrdy. Toparçadaky beýleki bir duşuşykda bolsa BAE-niň ýygyndysy yrakly futzalçylary 3:2 hasabynda ýeňdi. Ýeňiji tarap häzir toparçada üçünji orny eýeläp, «B» toparçanyň üçünjisi bilen saýlama duşuşygyny geçirmek ýagdaýynda dur.

Toparçadaky bäşinji wekil bolan Palestinanyň ýygyndysy bolsa 19-njy oktýabrda dynç aldy. Ýöne ozal geçiren üç duşuşygynda ýekeje utuk gazanyp bilmedik palestinaly futzalçylar Türkmenistan ― 2020-ä gatnaşmak hukugyny doly ýitirdiler.

19-njy oktýabrda «B» toparçada arakesme yglan edildi. Günbatar zolagyň toparçalaýyn duşuşyklary şu gün ― 20-nji oktýabrda tamamlanar. Geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde her toparçada birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylar Türkmenistan ― 2020-ä gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Ýeri gelende, «B» toparçada häzir şeýle mümkinçiligiň Liwanyň ýygyndysynda doly bardygyny aýdyp bileris. Liwan Türkmenistandan we Kuweýtden soňra ýaryşyň jemleýji bölegine gatnaşjak üçünji ýygyndy boldy. Saud Arabystanynyň we Omanyň ýygyndylarynda bolsa iki duşuşykdan soňra 3 utuk bar. Heniz ýekeje utuk hem ýygnap bilmedik Kataryň ýygyndysy Aşgabada gelmek mümkinçiligini doly ýitirdi.

Günbatar zolakda toparçalarda üçünji orny eýelän ýygyndylaryň arasynda saýlama duşuşyk 22-nji oktýabrda geçiriler.

19-njy oktýabrdaky duşuşyklardan soňra Türkmenistan ― 2020-ä gatnaşjakdygy takyklaşan ýygyndylar:

1. Türkmenistan

2. Kuweýt

3. Liwan

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň