Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň duşuşygynda ulag-aragatnaşyk we suw meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlyga üns berildi

11:3511.10.2019
0
2837

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet   Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi ― diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty ýazýar.

Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek meseleleri hakynda pikir alyşyldy. Ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle-de suw meselesi boýunça halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň