Tatarystanyň halklaryň dostlugy öýünde Türkmenistanyň amaly-haşam, muzeý gymmatlyklarynyň we syýahatçylyk sergisi geçirildi

01:1708.10.2019
0
5958

Düýn Tatarystanyň halklaryň dostlugy öýünde Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem “Türkmenistanyň gözellikleri we täsinlikleri” atly syýahatçylyk we foto sergisiniň açylmagy bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndaky Medeniýet günleri başlandy. Döredijilik forumynyň açylyş dabarasyna Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Damir Natfullin gatnaşyp, ol geçirilmegi däbe öwrülen bu medeni forumyň iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde we pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedigini nygtady ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

 Açylyş dabarasyna dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Kazanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, türkmen sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar. Medeni çäräniň açylyş dabarasyna ýygnanlarda milli geýnüwli gyzlaryň sergä gelen myhmanlara duz-çörek hödür etmeklerinden başlap, sergide goýlan muzeý gymmatlyklary, fotosuratlar uly gyzyklanma döretdi.

Bilşimiz ýaly, bu sebit soňky ýyllarda söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem medeni-ynsanperwer babatda ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşyna öwrüldi. Türkmenistanyň we Tatarystan Respublika synyň medeniýet işgärleri tarapyndan guralýan döredijilik forumlary hem-de beýleki bilelikdäki çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýyllaryň dowamynda tatarystanly döredijilik toparlary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara festiwallaryna we Aşgabatda guralýan beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşdylar.

Medeniýet günleriniň ilkinji güni Tatarystanyň halklaryň dostlygy öýünde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bu ýerde ýaşaýan türkmenler bilen duşuşygy boldy. Şeýle-de, Kazan Kremline we beýleki birnäçe taryhy künjeklere barlyp görüldi. Medeni forumyň maksatnamasyna laýyklykda, bu ýerde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmäge, doganlyk tatar halkyny ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen dürli çäreler geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň