Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2 müňden gowrak iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar

10:2805.10.2019
0
12064

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemleri, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi, täze ýyla çenli galan döwürde öňde duran wezipeler kesgitlenildi – diýip, TDH ýazýar.

Mejlisiň dowamynda döwlet Başatutany ýurtda alnyp barylýan işler barada belläp geçdi. Häzirki wagtda Türkmenistanda Prezident maksatnamasyna laýyklykda, ýurtdaçdurmuş-ykdysady meseleleri çözmäge, täze kärhanalary gurmaga we bar bolanlarynyň durkuny täzelemäge örän uly möçberde maýa goýumlary goýulýar. Tutuş ýurt boýunça bu maýa goýumlarynyň möçberi 30 milliard manada golaýdyr. Iri içerki hem-de halkara taslamalary amala aşyrmak işi hem dowam edýär.

Geçen döwrüň dowamynda bahasy 10 milliard manatdan gowrak bolan 79 sany iri desga, bir million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary, lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary we beýleki desgalar ulanylmaga berildi.

Häzirki döwürde hem umumy bahasy 34 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2 müňden gowrak iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, iri gaz geçirijileriň, sport desgalarynyň, howa menzilleriniň, ýollaryň hem-de iri köprüleriň gurluşygy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň