Soňky habarlar

Arhiw

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 868 adamynyň günäsi geçildi

23:1623.09.2019
0
10972

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň hasabaty diňlendi. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ozaldan gelýän asylly däbe eýerip, iş kesilen 868 raýaty Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek barada Perman gol çekýändigini habar berdi. Şeýle-de, degişli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna tussaglykdan boşadylan raýatlaryň baýramçylyk günlerinde öz öýüne barmaklary üçin ähli zerur işleriň geçirilmegini tabşyrdy. Bu barda “Watan” habarlar gepleşiginde (23.09.2019) habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň