Soňky habarlar

Arhiw

Söhbetdeşimiz — hormatly atlaryň eýeleri Çepbe bilen Hajy

21:2308.09.2019
0
3710

7-nji sentýabrda Aşgabatdaky «Mukamlar» köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini, şeýle-de hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň birnäçesini sylaglamak dabarasy boldy. 

Dabaranyň ahyrynda hormatly atlara mynasyp bolan sungat işgärleri bilen «Türkmenportalyň» okyjylary üçin gysgaça söhbetdeş bolduk.

— Täçmämmet (Çepbe), 2019-njy ýyl seniň üçin düşümli ýyl boldy. Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellendiň. Bu gün bolsa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolduň. Üstünlikleriň dowamly bolsun!

— Begenýärin. Ynanýaňmy, durmuşyň, ykbalyň göz açyp-ýumasy salymda üýtgeýäni hakynda gürrüň edilende, ony söz owdanlamak diýip kabul edýärdim. Bu çyn eken. Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çäksiz alkyşlarymy aýdýaryn. Uly ynam bildirdi, belent ada mynasyp gördi. 

Işläris, dörederis. Ýylgyrarys, ýylgyrdarys.

Şeýle belent ynam bildirilende, jogapkärçilik has-da ýokarlanýan eken. 

Gutlaglaryňyz üçin sag boluň! Begendirdiňiz! Informasion portalyň okyjylaryna-da, üstünlik, abraý, ýylgyryş arzuw edýärin.

— Sag boluň! 
***
— Hajy, «Türkmenistanyň at gazanan aýdymçysy» diýen hormatly adyňyz gutly bolsun! Üstünlikler dowamly bolsun!

— Köp sag boluň! Türkmenistanyň hormatly Prezidentine tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Bu at sungata goýlan hormat, döredijiligime goýlan hormatdyr. Ynamy ödemäge çalşarys.
Hemra Rejebem «Türkmenistanyň at gazan aýdymçysy» diýen ada eýe boldy. Umuman-a, şu günki sylaglananlaryň ählisini gutlaýaryn. 

Meniň üçin şu ýyl düşümli geldi. Hudaýa şükür, dünýäde türkmen sungatyna uly hormat goýulýar. Bilýänsiňiz, golaýda Özbegistanda «Gündogar mukamlary» aýdym-saz festiwalyna gatnaşdyk. Ikinji ýere mynasyp boldum. Şatlygym, bagtym, üstünligim goşa-goşadan geldi. 

Aýdymlarymyz bilen türkmen sungatyny dünýä çykararys. Nesip  bolsa, okyjylar üçin aýratyn söhbetdeşlik ederis. Has köp zatlar hakynda gürrüň ederis. Sowallary bar bolsa, höwes bilen jogap bereris.

— Hajy, sag boluň! Şowluluk, şu günlerki ýaly goşa-goşa üstünlikler hemra bolsun!

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň