Ante Mişe: «Biz Şri-Lankanyň garşysyna kyn duşuşyga garaşýarys»

23:3304.09.2019
0
5073

Şu gün Kolombo şäherinde Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň Şri-Lanka ― Türkmenistan duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe žurnalistrleriň sowallaryna jogap berip şeýle diýdi: 

«Biziň toparymyz ilkinji duşuşyga taýýar. Bize, elbetde, kyn duşuşyk garaşýar. Sebäbi beýle jogapkärçilikli ýaryşlardaky ilkinji duşuşyk hiç haçan hem aňsat däl. Biz Şri-Lankanyň ýygyndysynyň oýnuna ýokary baha berýäris we özümizde-de täze oýunçylaryň bardygyny oňat bilýäris. Biz Dubaýda 5 gün türgenleşdik. Türgenleşik üçin Dubaýy saýlap almagymyzyň esasy sebäbi gurak howa şertleridir. Şeýle şertlerde türgenleşmek hem aňsat däl, häzir bolsa howa futbol oýnamak üçin amatly. Şeýlelikde, toparymyz üçin howa babatynda mesele döremez.

Biz Şri-Lankanyň ýygyndysyna örän uly hormat goýýarys. Bu biziň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygymyz. Häzir biz ünsümizi diňe şu duşuşyga gönükdirdik. Koreýa Respublikasy bilen boljak duşuşygymyza bolsa ertirki oýundan soň taýýarlanyp başlarys.

Men Mingazow bilen Ataýewiň şikes sebäpli duşuşyga gatnaşyp bilmejekdigine gynanýan, ýöne bizde tejribeli futbolçylar ýeterlik. Biz Şri-Lankanyň ýygyndysynyň güýjüne ähmiýet berýäris, ýöne garşydaşyň gowşak taraplary barada hem pikirimiz bar. Şonuň üçin meýilleşdiren oýun usulymyz bar, ýöne men nähili usul baradaky gürrüňiň öz içimizde galmagynyň tarapdary».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň