Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi

23:5602.09.2019
0
15491

Güýzüň ilkinji güni ýurdumyzda däp boýunça «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre badalga aldy. Bu çäräniň çäklerinde orta mekdeplerde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge bagyşlanan degişli burçlar we diwarlyklar taýýarlanyldy, sowal-jogaply we beýleki bäsleşikler, okuw sagatlary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak baradaky mesele babatda ýol gözegçiligi gullugynyň hünärmenleri bilen duşuşyklar guralar. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen döredilen ýol hereketiniň gözegçileriniň eko-welosipedçiler topary şu ýylyň täzeligi boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň