Soňky habarlar

Arhiw

“Gündogaryň owazlary” atly XII-nji halkara saz festiwaly tamamlandy

23:4431.08.2019
1
3328

Aşgabadyň “Arçabil” saz topary hem-de aýdymçy Guwanç Ýazmämmedow ýakynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde tamamlanan “Şark taronlari-2019”, “Gündogaryň owazlary” atly XII-nji halkara saz festiwalynda üstünlikli çykyş edip baýrakly 2-nji orny eýeledi hem-de kümüş medal gazandy. Şu ýyl Özbegistanda geçirilen medeni forum dünýäniň 72 ýurdundan sungat muşdaklaryny we habar beriş serişdeleriniň wekillerini birleşdirdi. 32 döwletden gelen aýdymçylar, tansçylar we sazandalar festiwalyň baýragyny gazanmak ugrunda bäsleşdiler. Samarkandyň baş meýdançasynda Restanda jemi 340 adam ýokary derejeli festiwala gatnaşdylar. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew çykyş edip, festiwala gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistana ýurdumyzyň paýtagtyndan bolan “Arçabil” saz topary wekilçilik etdi. Aýdymçy Guwanç Ýazmämmedow öz aýdymlary bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdi. Türkmen artistleriniň ýerine ýetiren halk aýdymlary tomaşaçylar hem saz hünärmenleri tarapyndan gyzgyn garşylandy. ABŞ-nyň artistleri festiwalyň emin agzalarynyň ýörite baýragyna mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň