Rahmet Şermetowyň goly «Alganyň» ýeňşi üçin ýeterlik bolmady

21:1831.08.2019
1
3463

Bişkegiň «Alga» futbol toparynyň türkmenistanly ýarym goragçysy Rahmet Şermetow Gyrgyzystanyň çempionatyndaky nobatdaky goluny geçirdi. Ýöne onuň bu gezekki pökgüsi toparyny «Kara-Baltadan» ýeňilmekden halas edip bilmedi.

Duşuşyk Bişkek şäheriniň toparynyň 1:2 hasabyndaky utulyşy bilen tamamlandy. Ýeňiji toparyň pöküglerini Ataý Jakypbaýew bilen Geraşenko  geçirdi. «Algadan» bolsa 82-nji minutda Rahmet Şermetow tapawutlandy. Ýöne bu gol «Algany» diňe 0:2 hasabynda utulmakdan halas edip bilmedi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň