Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Singapuryň arasynda özara ylalaşyklara gol çekildi

17:5127.08.2019
0
6792

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Singapur Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Diplomatik, gulluk ýa-da resmi pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;

Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;

Hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Singapur Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna Türkmenistanyň Prezidentiniň şu taryhy saparyna gabatlanyp Singapurda geçirilen bilelikdäki işewürler maslahatynyň netijeleri boýunça gol çekilen Ylalaşyklar we Ähtnamalar hem girdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň