Soňky habarlar

Arhiw

“Walley” atly multfilm görkezildi

19:4624.08.2019
0
1181

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda ABŞ-nyň sungat ussatlarynyň döreden kino eserleriniň görkezilişi boldy. Oňa raýatlar bilen bir hatarda, welaýatda hereket edýän “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan mekdep okuwçylary hem gatnaşdylar. Olar “Walley” atly multfilme uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Multfilmiň baş gahrymany bolan robotyň Aý we Ýer bilen baglanyşykly başdan geçiren geň-enaýy wakalary çaga dünýäsine ýakynlygy bilen körpe tomaşaçylary has özüne çekdi. Ikinji tapgyrda tomaşaçylara «Aýdaky adam» kino filmi hödürlendi. Oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlar, şol sanda medeniýet, sport, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem uly höwes bilen tomaşa etdiler. Teatryň girelgesinde filmleriň görkezilişi mynasybetli maglumatlaryň we suratlaryň ägirt toplumyny özünde jemleýän sergi gurnaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň