Singapur kompaniýasy Türkmenistanda gazy gysyjy desgany gurar

22:3223.08.2019
0
11460

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen tebigy gazynyň çykarylyşynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Merkezi Garagum» gazkondensat känler toplumynyň «Zäkli — Derweze» gaz arassalaýjy desgasynda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gazy gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Singapur Respublikasynyň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda başlamak we desgany 2022-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň