Aşgabatdaky gurluşyk kompaniýalarynyň işgärleri üçin awtobuslar kärendesine berler

15:4720.08.2019
0
947

19-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen sanly wiodearagatnaşyk arkaly iş maslahatynda ilata jemgyýetçilik ulaglary boýunça edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleriň birnäçesine garaldy. Şol meseleleriň we öňde duran wezipeleriň hatarynda milletiň Lideri häzirki döwürde Aşgabatda giň gerimli gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýdyp, gurluşyk kompaniýalarynyň işgärlerini gatnatmak üçin ýöriteleşdirilen ulaglaryň bolmalydygyny ýa-da degişli şertnamalary baglaşyp, şolara awtobuslary kärendä bermek meseleleri boýunça degişli işleri geçirmegi «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýolbaşçysyna tabşyrdy tabşyrdy.

Aşgabadyň jemgyýetçilik ulaglary boýunça mümkinçiligi dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze, döwrebap önümleri bilen has-da artdyrylýar. Paýtagtyň dürli ýerlerinde dowam edýän iri gurluşyklaryň hünärmenleri ― işçiler üçin kompaniýalara awtobuslaryň kärendesine berilmegi bu hyzmatlaryň hilini has hem artdyrar. Täze hyzmat Aşgabatda ýolagçylara döwrebap hyzmaty ýola goýmagyň nobatdaky ädimine öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň