Möwsümi “Barselona” açýar

11:4516.08.2019
0
3726

Ispaniýanyň çempionaty “La Liganyň” täze möwsümi şu gün başlaýar. 89-njy möwsümiň açylyş duşuşygynda soňky 2 ýylyň çempiony “Barselona” myhmançylykda Bilbaonyň “Atletigi” bilen duşuşar. Aşgabat wagty bilen 23:55-de başlanjak oýun “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda-da görkeziler.
Täze möwsümiň 1-nji tapgyrynda “La Liganyň” iň köp çempionlyk gazanan topary “Real Madrid” hem ertir myhmançylykda “Selta” bilen duşuşar. “Türkmenistan sport” teleýaýlymyn görkeziljek bu duşuşyk 19:55-de başlar. Çempionlygyň ýene bir esasy dalaşgäri “Atletiko Madrid” bolsa ýekşenbe güni, ýagny 18-nji awgustda “Hetafeni” kabul eder. “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda efire beriljek oýnuň başlanýan wagty 00:55.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň