Soňky habarlar

Arhiw

Dmitriý Medwedow birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

23:0611.08.2019
0
6567

Russiýanyň Premýer-ministri Dmitriý Medwedowyň ýolbaşçylygyndaky topar birinji Hazar ykdysady forumynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi diýip, TASS habar berýär. Rus premýeri iki günlük saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşar. 

Birinji Hazar ykdysady forumy Hazar deňziniň kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýär. Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Dmitriý Medwedow forumyň umumy mejlisine gatnaşar. Soňra ol Türkmenbaşy halkara deňiz portunda geçirilýän sergilere baryp görer.

12-nji awgustda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongress merkezinde forumyň umumy mejlisi geçiriler. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuahmedowyň çykyş etmegine garaşylýar. Forum gala-konsert we türkmen tarapyndan beriljek agşamlyk nahary bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň