Soňky habarlar

Arhiw

«Gum­dag­ne­bit» ne­bitgaz çy­ka­ryş mü­dir­li­gi­nde 6 aýda 111 müň tonna golaý "gara altyn" alyndy

12:3224.07.2019
0
1629

«Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň iň baý­ry ýa­tak­la­ryn­da iş alyp bar­ýan «Gum­dag­ne­bit» ne­bitgaz çy­ka­ryş mü­dir­li­gi­niň hü­närmen­le­ri ýy­ly­ň bi­rin­ji ýa­ry­my­ny üs­tün­lik­li jem­le­di­ler. Kär­ha­na­da ýan­war — iýun aý­la­ryn­da ne­bit ber­ýän gu­ýu­lar­dan çy­ka­ry­lan «ga­ra al­ty­nyň» umu­my möç­be­ri 110 müň 700 ton­na bara­bar bol­dy. Mu­nuň özi bu gu­ýu­lar­dan ne­bit çy­kar­mak ba­bat­da bel­le­ni­len al­ty aý­lyk me­ýil­na­ma­nyň kär­ha­na boýun­ça 113,5 gö­te­rim ber­jaý edi­len­di­gi­ni aň­lad­ýar. Şeý­le hem gum­dag­ly «ga­ra al­tyn» us­sat­la­ry ge­çen ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­my bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, önüm­çi­li­giň ösüş dep­gi­ni­ni 105 gö­te­ri­me go­laý ýo­kar­lan­dyr­ma­gy ba­şar­dy­lar. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Hä­zir­ki za­ma­nyň kuw­wat­ly des­ga­la­ry­dyr en­jam­la­ry­na ba­şar­jaň erk ed­ýän mü­dir­li­giň hü­när­men­le­ri­niň ir­gin­siz ta­gal­la­sy bi­len önüm ber­ýän gu­ýu­la­ra teh­ni­ki hyz­mat öz wag­tyn­da we döw­re­bap ýo­la go­ýul­ýar. Şu ýag­da­ýyň özem kär­ha­na­da bel­le­ni­len me­ýil­na­ma­la­ra he­mi­şe ar­tygy bi­len amal edil­me­gi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň