Soňky habarlar

Arhiw

40 ýyldan soň sanawa girdi

18:3713.07.2019
0
1464

ÝUNESKO-nyň ýygnagynda Yrakdaky gadymy Wawilon şäheriniň galyndylary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizdi. Yrak 40 ýyl töweregi wagt bäri taryhy galyndylary bu sanawa goşmak üçin tagalla edýärdi. Wawilonyň 10 inedördül kilometrden ybarat harabalyklary Bagdadyň 90 kilometr günortasynda ýerleşip, häzire çenli onuň 15 göteriminde gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Maslahatda ýene-de 35 desganyň sanawa girizip boljakdygy ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagtda Bütindünýä mirasynyň sanawynda medeni we taryhy ýadygärliklerini 55-si girizilen Hytaý öňdeligi eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň