Türkmenistanyň daşary işler ministri Gazagystanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

23:4811.07.2019
0
1709
Türkmenistanyň daşary işler ministri Gazagystanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

11-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ž.Asanow bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär. 

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylýandygyny belläp geçdiler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky türkmen-gazak gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar nobatdaky mejlisi şu ýylyň martynda geçirilen Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň netijeliligini belläp geçdiler. Has takygy, iki ýurduň arasynda haryt dolanşygynyň ösendigi nygtaldy, bu bolsa ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýändir. 

Diplomatik gatnaşyklar hakynda gürrüň etmek bilen, taraplar ýokary derejedäki saparlaryň guramaçylygynyň, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleri geçirmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň