Özbaşdak gondy

14:4410.07.2019
0
1023

Mýunheniň Tehniki uniwersitetiniň hünärmenleri uçaryň awtomat ýagdaýda gonmagyny üpjün edýän tehnologiýany işläp düzdüler. Häzriki wagtdaky ýolagçylaryň köpüsi awtomat ýagdaýda gonmagy üçin tehnologiýa bilen üpjün edilen hem bolsa, pilotlaryň dolandyrylmagyna gondurylýar. Hünärmenler uçaryň öz-özünden gonup bilmegi üçin kompýuter arkaly “görýän” hem-de GPS-den peýdalanýan ulgamy üstünlikli synagdan geçirdiler. Mundan ozalky synag maý aýynda geçirilipdi. Uçar gonjak zolagyny uzakdan “görüp”, pilotyň dolandyrmasy bolmazdan gonmagy başarypdy. Bu tehnologiýanyň kämilleşdirilmegi bilen, uçarlaryň ählisi diýen ýaly öz-özünden gonup bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň