«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2019-njy ýylda çagyrmak hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda çykaran 4-nji Kararyny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 25-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler.