Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýaly syýahatçylar Türkmenistana gezelenç etdiler

11:5530.06.2019
0
1573

Aşgabat - Tokio - Aşgabat ugry boýunça amala aşyrylan ilkinji howa gatnawy uly netije berdi. Bu gatnaw bilen Türkmenistana ýaponiýaly syýahatçylaryň hem birnäçesi geldi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistan tarapyndan "Günüň dogýan ýurdundan" gelýän syýahatçylaryň wiza meselesinde ýeňillikler döredilipdi.

Ýakynda ýaponiýaly myhmanlar, syýahatçylar Beýik Ýüpek ýolunyň ugryndaky Nusaý galasynda gezelençde boldular. 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Parfiýa galasynda onýyllyklaryň dowamynda dürli ýurtlardan gelýän meşhur alymlar barlaglaryny geçiripdir. Olar gadymy taryhyň köp syrlarynyň üstüni açdylar.

“Garagumyň ýalkymy” diýlip atlandyrylýan bütindünýä belli alow bilen tanyşlyk ýaponiýaly syýahatçylarda uly gyzyklanma döretdi. Çölüň merkezinde ýerleşýän ägirt uly alow täsinlik hökmünde ykrar edildi. Gum alaňlarynyň arasynda emele gelen alow myhmanlary haýrana goýdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň